Awstriýanyň wekili ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagy bilen gyzyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awstriýanyň wekili ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagy bilen gyzyklandy
Surat: türkmen-awstriýa işewürler maslahatyndan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň (kabulhanasy Nur-Sultanda) söwda maslahatçysy Rudolf Taler bilen duşuşyk geçirildi.

Sişenbe güni geçen duşuşykda iki ýurduň işewürler toparynyň gatnaşyklarynyň üstünligini kanagatlanma bilen bellän TSTB-nyň başlygy Aleksandr Dadaýew mysal hökmünde maldarçylyk ulgamyndaky özarahereket, ýakynda Wena şäherine gawunlaryň iberilip başlanmagy, şeýle-de işewür düzümleriniň derejesinde türkmen-awstriýa duşuşyklarynyň yzygiderli we netijeli geçirilmegi, Birleşmäniň söwda wekilhanasynyň Awstriýadaky işi barada agzady.

Rudolf Talere TSTB-nyň esasy söwda görkezijileri, türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçilikleri we ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda olaryň barha artýan mümkinçilikleri barada habar berildi. Awstriýanyň söwda wekili iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň güýçlenmeginiň zerurlygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň syýahatçylyk we dynç alyş mümkinçiliklerini nazara almak bilen bilelikdäki syýahatçylyk taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda oba senagat toplumy, ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagy, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklaryň döredilmegi agzaldy.

2017-nji ýylyň iýun aýynda Wenada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda wekilhanasy açyldy. Wekilhana ýurdumyzyň hem-de Ýewropanyň işewür toparlarynyň arasynda eksport-importyň we özara iberilýän harytlaryň möçberleriniň hem-de hyzmatlaryň artmagyna, iki döwletiň hojalyk edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

2022