Ykdysadyýet Nobeliniň nobatdaky eýeleri mälim edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ykdysadyýet Nobeliniň nobatdaky eýeleri mälim edildi
Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (Banerjee, Daflo) we Garward uniwersitetiniň (Kremer) alymlar topary ABŞ-nyň 916,474 dollary bolan pul baýragyny öz aralarynda paýlaşarlar.

Ykdysadyýet ugry boýunça Nobel baýragynyň nobatdaky ýeňijileri duşenbe güni mälim edildi. Stokgolm şäherinde geçirilen metbugat ýygnagynda şwed Patyşalygynyň Ylymlar akademiýasy bu ugurdaky baýragyň nobatdaky eýeleriniň Abhijit Banerjee, Ester Daflo we Maýkl Kremer bolandygy aýdyldy.

“Baýragyň eýeleri tarapyndan amala aşyrylan seljerme işleri bütindünýäde garyplyga garşy göreşmek ukybymyzy kämilleşdirdi. Olaryň tejribe merkezli täzeçil çemeleşmeleri ösüş ykdysadyýeti ulgamyny täzeden şekillendirdi” diýip, Akademiýa metbugat beýanatynda belläp geçdi.

46 ýaşly Ester Daflo ykdysadyýet ugry boýunça häzirki wagtda çenli Nobel baýragyny gazanan iň ýaş ynsan bolmak bilen, 50 ýylyň dowamynda bu baýraga mynasyp bolan ikinji zenan adyny aldy.

Massaçusets Tehnologiýa institutyndan (Banerjee, Daflo) we Garward uniwersitetinden (Kremer) bolan alymlar topary ABŞ-nyň 916,474 dollaryna deň bolan pul baýragyny öz aralarynda paýlaşarlar.

Alymlar toparynyň garyplyga garşy göreşmekde işläp taýýarlan çemeleşmesi meseläni kiçi böleklere bölüp, bularyň hersiniň aýratynlykda öwrenilmegi, seljerilmegi we netije çykarylmagy pikirine esaslanýar.

Garyplygy aradan aýyrmak Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş maksatnamasynyň düzümine girýär.