Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 15-nji mejlisi geçirilip, onda ýangyç-energetika ulgamynda özarahereket etmek, ulag we aragatnaşyk, harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, senagat, oba we suw hojalygy, inžener-tehniki işläp düzmeler ýaly ulgamlardaky gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine seredildi.
Sişenbe güni geçen duşuşykda türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, eýran tarapyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslami ýolbaşçylyk etdiler.
Gepleşiklerde taraplar ýurtlaryň welaýatlarynyň hyzmatdaşlygy, ylym we bilim, daşky gurşawyň goragy, saglygy goraýyş ulgamynda özarahereket etmek, syýahatçylygyň ösdürilmegi ýaly ulgamlara aýratyn üns bermek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi boýunça hem pikir alyşdylar.