Türkmenistan ilkinji gezek “ITB Asia” gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ilkinji gezek “ITB Asia” gatnaşýar
ITB halkara ulgamyna girýän Aziýanyň iň iri sergisi yzygiderli 12-nji gezek geçirilip, 130-dan gowrak ýurtdan 1300 wekil gatnaşýar.

Türkmen syýahatçylyk işewürligi Singapurda 16-18-nji oktýabrda geçirilýän “ITB Asia” halkara sergisinde birinji gezek görkezilýär.

ITB halkara ulgamyna girýän Aziýanyň iň iri sergisi yzygiderli 12-nji gezek geçirilip, 130-dan gowrak ýurtdan 1300 wekil gatnaşýar. Serginiň çäklerinde 25 000 işewürlik duşuşyklary meýilleşdirilip, 11 000-den gowrak wekiliň sapar bilen gelmegine garaşylýar.

Sergini guraýjylaryň bellemegine görä, çäre dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýahatçylyk senagatynyň öňde baryjy wekillerini bir meýdançada ýygnaýar. Gatnaşýanlaryň hatarynda syýahatçylyk assosiasiýalary, myhmanhanalar, awiakompaniýalar, MICE agentlikler, syýahatçylyk agentlikleri, syýahatçylyk pudagynda IT-işläp taýýarlaýjylar bar. Serginiň çäklerinde baý işewürlik maksatnama göz öňünde tutulan.

Türkmenistanyň bu ýerde görkezilen önümleri abraýly serginiň guramaçylarynyň we oňa gatnaşýanlaryň aýratyn üns merkezinde boldy. Ýurdumyzyň dynç alyş we syýahatçylyk senagatyna bu ýerde 4 sany hususy syýahatçylyk kompaniýasy - «Balkansyýahat», «Aziýanyň Merjeni», «Oguzabat», «Gadamsyýahat» wekilçilik edýär. Aziýanyň öňde baryjy sergisine türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda guramaçy bolup Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Rowaç Syýahat» kärhanasy çykyş etdi.

Esasy syýahatçylyk önümlerinden we syýahatlaryň hödürlenýän ugurlaryndan başga-da, türkmen diwarlygynda taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilenler, ýeketäk tebigy ýadygärlikler, ak mermerli Aşgabat we “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy, ajaýyp ahalteke atlary we meşhur türkmen halylary görkezilýär.

Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna görä, 2030-njy ýyla çenli halkara syýahatçylaryň sany 1,8 milliarda ýeter. Olardan 2030-njy ýyla çenli 535 milliony ýa-da halkara syýahatçylaryň umumy sanyndan 30%-e golaýy diňe Aziýa-Ýuwaş umman sebitine aýlanar.

3 günlük serginiň dowamynda türkmen wekiliýetiniň duşuşyklara we gepleşiklere, “tegelek stollara” we maslahatlara gatnaşmagyna garaşylýar.

Her ýyl bu ýerde tutuş Aziýa sebitinde syýahatçylyk pudagynyň mümkinçiliklerini aňrybaş derejede ulanmak maksady bilen öz tejribelerini paýlaşmak üçin pudagyň täzelikçilikleri ýygnanýar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022