Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21 – 23-nji oktýabrda Ýaponiýa iş saparyny amaly aşyrar.
Sapara taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly anna güni geçirilen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hasabatynda beýan etdi.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň aprelinde ýola goýuldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy bolan kadalaşdyryjy hukuk binýady häzirki wagta çenli gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň uly toplumy bilen berkidildi.
Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejedäki gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy, 2013-nji hem-de 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa bolan resmi we iş saparlary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli wakalara öwrüldi.
2015-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Şol saparlaryň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde, ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi.
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy sebit derejesinde hem, şol sanda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, Ýaponiýa Türkmenistanyň esasy maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda bilelikdäki uzakmöhletleýin taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-ýapon hem-de Ýapon-türkmen ykdysady komitetleriniň işi möhüm ähmiýete eýedir.
Hasabatda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa boljak saparynyň degişli maksatnamasy işlenip taýýarlanandygy, onuň barşynda hem resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.