Türkmenistanda kofe ýetişdirmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda kofe ýetişdirmek meýilleşdirilýär
Häzirki gün dünýäde 25 milliondan gowrak hojalyk kofe ýetişdirmek bilen meşgullanýar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetinde (TOHU) ýurdumyzda kofe ösdürip ýetişdirmegiň ýollary hakynda pikir alşyldy. Bu barada “Bereketli toprak” gazeti habar berýär.

TOHU-da Fransiýanyň “Agrenium” kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Etien Sours bilen geçirilen duşuşykda bu barada pikir alşyldy. Şeýle hem myhman tejribeli mugallymlar bilen türkmen topragynda pagta ekilişiniň usullaryny Fransiýada ornaşdyrmak barada mashalat etdi.

Duşuşygyň dowamynda “Agrenium” kompaniýasynyň düzümine girýän ýokary okuw mekdepleriň tejribeli mugallymlary bilen internet arkaly onlaýn okuw sapaklaryny guramak, bilelikde ylmy işleri alyp barmak boýunça özara maslahatlaşyldy. Şular ýaly duşuşyklaryň şu günler hem ýygy-ýygydan geçirilip durulmagy ylmy-önümçilik binýadyň has-da berkemegine we dünýä derejesine çykarylmagyna itergi berýär.

Gepleşikde professor fransuz kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyrdy. Fransiýanyň “Agrenium” kompaniýasy häzirki wagtda ekerançylyk, weterinariýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Ýewropa döwletlerinde, Aziýada we Afrikada birnäçe iri taslamalary alyp barýar. Kompaniýanyň düzümine Fransiýanyň 15 sany ýokary okuw mekdepleri, 4 sany ylmy-önümçilik institutlary we 100-e golaý ylmy-barlaghanalar girýär. Bu kompaniýa, esasan, ýabany tokaýlardaky agaçlary medenileşdirmek, adamlara we haýwanlara howpsuz we ýokary ýokumlylygy bolan ösümlikleri ýetişdirmek, ekologiýa taýdan howpsuz biologiki dökünleri öndürmek we daşky gurşawymyzy goramak meseleleri bilen meşgullanýar.

Kofe esasan, Afrika, Aziýa we Latyn Amerikasy ýurtlarynda çygly howada ýetişip, agaçlar dikileninden bäş ýyl geçenden soňra ilkinji miwesini bermäge başlaýar. Häzirki gün dünýäde 25 milliondan gowrak hojalyk kofe ýetişdirmek bilen meşgullanýar.

2022