Ýapon işewürleri türkmen bazarynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýapon işewürleri türkmen bazarynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge taýýar
Bu işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen hususyýetçileriniň 40-dan gowrak kompaniýasynyň wekilleri saparda bolýarlar. Surat: TSTB

Türkmen-ýapon işewürler maslahatynda ýapon işewürler toparlary okgunly ösýän türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge, Türkmenistanda täze durmuşa geçirilýän taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Tokýonyň “Shinagawa Prince Hotel” myhmanhanasynda duşenbe güni geçirilen Türkmen-ýapon işewürler maslahatyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe pudak edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda ýaponiýanyň meşhur karporasiýalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Maslahatyň çäklerinde daşary söwdanyň ösdürilmegine ýardam bermek, maşyngurluşyk we senagat enjamlarynyň önümçiligi, nebitgaz we himiýa senagaty, elektroenergetika enjamlar, suw hojalyk tehnikasynyň önümçiligi, elektron senagatynyň önümlerini öndürmek, oba-hojalyk önümçiligi üçin hünärmenleri taýýarlamak, bank işi, senagat enjamlarynyň önümçiligi hem söwdasy we gurnama işleri, şeýle hem söwda we syýahatçylyk boýunça iş ugurlary öz içine alýan ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

Bu işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen hususyýetçileriniň 40-dan gowrak kompaniýasynyň wekilleri saparda bolýarlar. Maslahatyň çäklerinde türkmen milli eşikleriniň sergisi guraldy.