Gökdepedäki mermer we granit zawody 4 million manatlyk önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gökdepedäki mermer we granit zawody 4 million manatlyk önüm öndürdi
Kärhanada öndürilýän mermeriň we granit daşlarynyň dürli görnüşleri ýurdumyzda ýaýbaňlanan gurluşyklarda giňden peýdalanylýar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki mermer we granit işleýän zawodyň hünärmenleri şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda 4 million 265 müň manatlyga golaý önüm öndürdi.

Şeýlelikde, bu kärhananyň ösüş depgini 134 göterime barabar boldy. Kärhanada öndürilýän mermeriň we granit daşlarynyň dürli görnüşleri ýurdumyzda ýaýbaňlanan gurluşyklarda giňden peýdalanylýar.

Gökdepe etrabynyň Owadandepe senagat zolagynda ýerleşýän “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu zawodynda ýerli tebigy serişdelerden peýdalanyp, mermer we granit daşlaryndan örtük materiallary taýýarlanýar.