Mary welaýatynda öndürilýän “Röwşen” haryt nyşanly aýakgaplaryň 6671 jübüti ilkinji gezek Russiýa Federasiýasyna eksport edildi.
Sişenbe güni eksport edilmäge başlanan aýakgaplar mundan ozal Belarus Respublikasyna, Ukraina, Täjigistana, Gyrgyzystana, Owganystana we Gazagystana iberildi.
Önümleriň dünýä ülňülerine laýyk gelmeginde italiýaly, albaniýaly dizaýnerleriň hem uly goşandy bar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak önümleriň has-da göze gelüwli bolmagyny üpjün edýär.
“Röwşen” aýakgaplary kärhanasynda italýan ussatlarynyň ýörite el çyzgysyndan erkekler üçin döwrebap aýakgaplaryň dürli görnüşleri hödürlenýär. Olardan sport, klassik, brogi, mokasin aýakgaplary görkezmek bolar.
100 göterim gönden tikilýän aýakgaplaryň çig maly ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklary we derileri hususy iberijiler bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýan “Maksat Deri” hojalyk jemgyýetinde öndürilýär.