SNGIZ ýol bitumynyň 8,1 müň tonnadan gowragyny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
SNGIZ ýol bitumynyň 8,1 müň tonnadan gowragyny eksport etdi
SNGIZ şu ýylyň geçen dokuz aýynda çig mallary gaýtadan işlemegiň hasabyna nebit önümleriniň 373,3 müň tonnadan gowragyny öndürdi.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) şu ýylyň geçen dokuz aýynda çig mallary gaýtadan işlemegiň hasabyna nebit önümleriniň 373,3 müň tonnadan gowragyny öndürdi. Bu baradaky meýilnamany 114,1 göterim berjaý eden zawod nebit önümleri bilen birlikde ýol bitumynyň 8,1 müň tonnadan gowragyny eksporta ugratdy.

Zawod degişli döwürde 426,9 müň tonna golaý çig maly gaýtadan işläp, ýol bitumynyň eksportyny ýylyň aýagyna çenli 10 müň tonna ýetirmegi meýilleşdirýär.

2017-nji ýylyň maýynda SNGIZ-niň ABŞ-niň we BAE-niň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurlan katalitik riforming desgasy ýokary oktan sanly benziniň öndürilip başlanmagyny şertlendirdi.

Mundan başga-da, desgada göni işlenen benzini gaýtadan işlemegiň hasabyna onuň düzümindäki azyk önümçiliginde peýdalanylýan ýeňil benzin we suwuklandyrylan gaz ýaly harytlyk önümler hem öndürilýär. Bu taslama ABŞ-niň “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasy tarapyndan türkmen hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda ýerine ýetirildi. Zawodyň düzüminde 2015-nji ýylda bu kompaniýa tarapyndan ýyllyk kuwwatlylygy 37,2 müň tonna ýol bitumyny öndürmäge ukyply desga hem guruldy.