Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Administratiw geňeşiniň 337-nji sessiýasynyň işine synçy hökmünde gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň (KAMM) başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada saparda bolýar.
HZG-niň Zähmetkeşler bilen işlemek boýunça Edarasynyň (ACTRAV) çakylygy boýunça Ženewa gelen wekiliýet 2020-2021-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ACTRAV-yň Zähmetkeşleriň işi boýunça Edarasynyň Direktory bilen duşuşyk geçirdi.
Häzirki wagtda ACTRAV görkezilen döwür üçin kärdeşler arkalaşyklary bilen işleriň meýilnamasyny, şeýle hem HZG-niň 108-nji mejlisiniň kararlarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça zerur bolan hereketleri taýýarlaýar.
Merkezi Aziýa sebiti HZG üçin aýratyn ugurlaryň biri bolup durýar we Türkmenistanyň wekiliýeti bilen hem 2020-2021-nji ýyllar üçin HZG-niň we KAMM-niň arasynda bilelikdäki okuw maksatnamalaryny we çärelerini işläp taýýarlamagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň çäklerinde döredilenine 100 ýyl bolan HZG-niň dürli bölümleriniň, şol sanda Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär.
Administratiw geňeşiniň mejlisinde institusional häsiýetli soraglara, syýasatyň kemala getirilmegi bilen bagly meselelere, şeýle hem hukuk, maliýe we administratiw meselelerine seredilýär.