Türkmenabadyň “Buýan” obasenagat toplumy buýan ekstraktlaryny eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň “Buýan” obasenagat toplumy buýan ekstraktlaryny eksport edýär
Buýan köküniň önümçilikde gaýtadan işlenip alnan goýy we gury ekstraktlary eksport edilýär.

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Buýan” obasenagat toplumy eksportyň möçberini artdyrmagy nazarlaýar. 2018-nji ýylda iş meýilnamasyny 108 göterim berjaý eden toplum, eksport möçberi boýunça 105 göterim işi ýerine ýetirdi.

Häzirki wagtda toplumda 300-e golaý hünärmen zähmet çekip, her bir işgär aýda ortaça 20-30 tonna golaý buýan köküni ýygnaýar. Iş möwsümi her ýylyň mart aýynda başlap, noýabr aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.

Türkmenistanda buýan önümçiliginiň 100 ýyldan gowrak taryhy bolup, ilkinji gezek häzirki Türkmenabat şäherinde buýan köküni taýýarlamak işi XX asyryň başlarynda “Mark – Andrýus” atly iňlis-amerikan firmasy tarapyndan ýola goýulýar. Firmanyň wekilleri Amyderýanyň kenarynda bitýän süýji buýan köküni ilki şäheriň töwereklerinden ýygnap başlaýarlar we 1906-njy ýylda Türkmenabatda buýan köküni presleýji zawody gurýarlar.

Türkmen süýji buýanynyň hiliniň gowulygy, düzüminiň bolsa, dürli maddalara baýlygy sebäpli dünýä bazarynda oňa bolan isleg barha artyp ugraýar. Netije-de, firma el güýji bilen hem bolsa, 1910-1915-nji ýyllar aralygynda bu gymmatly çig malyň onlarça müň tonnasyny ýygnaýar.

1963-nji ýylda Türkmenabatda buýan işläp taýýarlamak boýunça Birleşik döredilýär. 1969-njy ýylda Türkmenabatda her ýyl öndürijilik kuwwaty 500 tonna deň bolan buýan köküniň goýy toşabyny öndürýän synag zawody gurulýar.

“Buýan” obasenagat toplumy 1991-nji ýylda döredilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşigine degişli bolan toplumda Garaşsyzlyk ýyllarynda Hytaýyň hünärmenleri tarapyndan buýan köküniň gury (toz görnüşli) toşabyny öndürýän kärhana işe girizildi. Bu kärhana “Buýan” obasenagat toplumynyň öndürijilik kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik döretdi.

Buýanyň dünýäde 13 görnüşi bolup, şonuň 4 görnüşi türkmen topragynda kemala gelýär.

Buýan köküniň önümçilikde gaýtadan işlenip alnan goýy we gury ekstraktlary Serbiýa, Hytaý, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri we Hindistan ýaly döwletlere eksport edilýär. Şeýle hem buýan ýurdumyzyň lukmançylygynda giňden peýdalanylýar.

2022