Aşgabatda täze hususy moda öýi açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda täze hususy moda öýi açyldy
Zenan eşiklerine ýöriteleşdirilen moda öýünde her bir müşderi özüne niýetlenen ýeketäk görnüşinde lybaslary tikdirip biler. Surat: "Modelleroyi"

“Iki Bürgüt” hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäheriniň “Bagtyýarlyk” söwda merkeziniň birinji gatynda “Mähirli Zenan” atly moda öýüni açdy.

Zenan eşiklerine ýöriteleşdirilen moda öýünde her bir müşderi özüne niýetlenen ýeketäk görnüşinde lybaslary tikdirip biler diýlip, “Rysgal” gazetinde aýdylýar.

“Iki Bürgüt” hojalyk jemgyýeti, şeýle hem “Bazetti” haryt nyşanly kofeniň öndürijisidir. Gonduras, Efiýopiýa, Gwatemala we Kolumbiýa döwletlerinden Türkmenistana kofe däneleri getirilýär we gowrulyp gaplanandan soňra taýýar önümler kafelere we söwda nokatlaryna ugradylýar.

2022