Türkmenistanda hususy syýahatçylyk kärhanalary gerimini giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda hususy syýahatçylyk kärhanalary gerimini giňeldýär
Häzirki günde Türkmenistanda 37 hususy syýahatçylyk kärhanasy hereket edýär.

Häzirki günde Türkmenistanda 37 hususy syýahatçylyk kärhanasy hereket edýär. Olaryň hatarynda ýakyn wagtlarda hususylaşdyrylan döwlet syýahatçylyk kärhanalary hem bar. Bu hususylaşdyrylan kärhanalaryň ozalky atlary saklanyp galyndy.

Syýahatçylyk işini has hem kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde syýahatçylyk bölümi açyldy. Şeýle hem Birleşmäniň düzüminde döredilen “Rowaç syýahat” kärhanasy bu ugurda iş alyp barýan hususyýetçileriň işlerini ugrukdyrýar. Bular barada “Rysgal” gazeti habar berýär.

Ýurtda syýahatçylyk pudagyna döwrebap çemeleşmegi ýola goýmak maksady bilen telekeçiler daşary ýurtly ugurdaş hyzmatdaşlar bilen duşuşyklara, halkara sergilere, okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Hususy syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri oktýabr aýynda Singapurda geçirilen “ITB Asia – 2019” XXII halkara sergisine, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen «TOURISM EXPO JAPAN – 2019» halkara sergisine, Hytaýyň Urumçy şäherinde geçirilen okuw maslahatyna, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahatyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy oktýabrda çap edilen rejelenen görnüşine laýyklykda syýahatçylyk ulgamynda iş alyp barýan telekeçiligiň subýektlerini jebisleşdirmek, olaryň işini utgaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gatnaşmak maddasy hem hereket edýär.