Milan şäherinde türkmen-italýan işewürlik forumy başlady

Milan şäherinde türkmen-italýan işewürlik forumy başlady
Türkmen-italýan işewürlik forumy geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilipdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa resmi saparynyň öňýanynda çarşenbe güni Milan şäherinde iki ýurduň işewürlik forumy geçirilýär.

Forumda esasan, nebit-gaz, himiýa senagaty, dokmaçylyk we deri önümçiligi, oba-hojalygy we gurluşyk ugurlary boýunça pikir alyşýarlar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylaryndan we agzalaryndan, ykdysadyýet pudagynyň birnäçe wekillerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti foruma gatnaşýar.

Forumyň çäklerinde dürli ylalaşyklara gol çekişlik dabarasy hem gurnalar. Şeýle hem dürli pudaklaryň arasynda aýratynlykda tegelek stol geçiriler.

Türkmen-italýan işewürlik forumy geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilipdi.

2022