“John Deere” 600 sany oba hojalyk tehnikalaryny Türkmenistana getirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“John Deere” 600 sany oba hojalyk tehnikalaryny Türkmenistana getirýär
“John Deere” 25 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazaryna häzirkizaman oba hojalyk tehnikasynyň nusgalaryny hödürleýär.

“John Deere” kompaniýasy degişli pudak edarasy bilen baglaşylan şertnama esasynda 600 sany 9970 kysymly tehnikany Türkmenistana getirer.

Kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilmegine görä, şu ýylyň dowamynda oba hojalygynda ulanylýan kombaýnlaryň 300 sanysy getirildi. Galan ýarysy bolsa, öňümizdäki ýylyň dowamynda getiriler.

Türkmenistanyň oba hojalygynda döwrebap pagta ýygyş tehnikalarynyň artmagyndan örän hoşaldygyny aýdan kompaniýanyň sebitdäki dolandyryjysy Nikolaý Orlenko “Biz Türkmenistan bilen geljegi uly gatnaşyk saklaýarys, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynanýarys” diýip belledi.

Dünýä meşhur amerikan kompaniýasy 25 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazaryna häzirkizaman oba hojalyk tehnikasynyň nusgalaryny hödürleýär. “John Deere” ulaglarynyň berkligine we netijeliligine türkmen kärendeçileri tarapyndan ýokary baha berildi.

2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistan tarapyndan “John Deere” oba hojalyk tehnikalarynyň 400 sanysy satyn alyndy. Şu ýylyň awgust aýynda 9970 kysymly kombaýnlary satyn almak boýunça şertnama gol çekildi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022