Türkmenistanyň GDA başlyklygynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň gysgaça mazmuny

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň GDA başlyklygynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň gysgaça mazmuny
31-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda 10-11-nji oktýabrda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýygnagy geçiriler.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Duşanbe şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisinde 2019-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyny Türkmenistanyň kabul etjekdigi mälim edilipdi. Şol ýygnakda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisiniň senesi hem kesgitlenipdi.

GDA-nyň bu netijesinden soňra 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 6-syna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň GDA-nyň başlyklygyny kabul etmegine bagyşlanyp ýanwar aýynyň 29-na Arkalaşygyň Minsk şäherinde ýerleşýän ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda sergi açyldy. Serginiň açylyşyna Türkmenistanyň Belarusdaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew gatnaşdy. Şol gün Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde GDA agza ýurtlaryň wekilleriniň mejlisi geçirildi.

Mart aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi resmi websaýtynda Türkmenistanyň arkalaşyga başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy ýerleşdirildi. Bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji aprelde birnäçe Karara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň we döwlet Baştutanlarynyň mejlislerini geçirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine we Daşary işler ministrligine tabşyryldy. Şeýle hem GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyny geçirjek ýerli ministrlikler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 4-6-njy aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Moskwadaky mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019–2020-nji ýyllarda Hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.

Konsepsiýanyň çäklerinde 15-16-njy maýda Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçirildi. Foruma gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy. 200-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilen forumyň temasy “Arkalaşygyň umumy ynsanperwerlik giňişligi: medeniýet, ylym, bilim ulgamynda gatnaşyk” boldy.

31-nji maýda bolsa, Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar GDA gatnaşyjy-döwletleriň milli innowasion ulgamlarynyň mümkinçiliklerini birleşdirýän 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA döwletleriniň innowasion hyzmatdaşlygy boýunça Döwletara maksatnama gol çekdiler.

Arkalaşygyň ýurtlaryny gyzyklandyrýan wajyp meseleleriň birnäçesi 13-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisinde hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamanyň taslamasy mejlisiň esasy temalarynyň biri boldy.

Türkmenistan 2012-nji ýylda hem GDA-nyň başlyklygyny amala aşyrypdy.

2022