Moskwada ätiýaçlandyryş boýunça Işewürleriň Noýabr Duşuşygy geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Moskwada ätiýaçlandyryş boýunça Işewürleriň Noýabr Duşuşygy geçirilýär
Duşuşyk Ýewropa, Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan 200-e golaý işewüri bir ýere jemlär.

Ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň XVIII ýyllyk Işewürleriň Noýabr Duşuşygy (IND) 20-21-nji noýabrda Moskwa şäheriniň “Nowaýa ploşad” biznes merkezinde geçiriler.

Duşuşyk Ýewropa, Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan 200-e golaý işewüri bir ýere jemlär.

Moskwanyň merkezinde gatnaşyjylar üçin döwrebap tehnologiýa hyzmatlary, ýokary tizlikli internet we beýleki mümkinçilikler dörediler.

Gatnaşyjylara, şeýle hem mahabatlandyryş işlerini geçirmek üçin şertler döredilip, IND-e gatnaşjak beýleki wekilleriň sanawy we aragatnaşyk maglumatlary berler.

SCOR-iň Moskwadaky wekili Noýabr duşuşygyna gatnaşýanlaryň ählisi üçin “Božole Nuwo” ýyllyk agşamlyk baýramyny gurnar.

Ätiýaçlandyryjylaryň Noýabr Duşuşygy – bu rus hem-de daşary ýurtly ätiýaçlandyryş, şeýle hem araçy kompaniýalaryň duşuşyk we gepleşik geçirmäge mümkinçilik alyp bilýän Russiýanyň esasy iş meýdançasydyr.

2022