“Verocy”: Transhazar hemmetaraplaýyn bähbitli bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Verocy”: Transhazar hemmetaraplaýyn bähbitli bolar
Transhazar gazgeçirijisi Azerbaýjana baryp ýetenden soň türkmen gazyny “Günorta gaz geçelgesiniň” üsti bilen Ýewropa eltmek meýilleşdirilýär. (Surat: Transadriatik gaz geçirjisi)

Türkmen gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa ýetirmegi maksat edinýän Transhazar gaz geçirijisi iki tarap üçin hem bähbitli bolar. Nederlandiýanyň “Verocy” maslahat beriş kompaniýasynyň esaslandyryjysy Siril Widdershowen “Trend” habar agentligine bu barada aýtdy.

Widdershowen taslamanyň Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň tebigy gaz çeşmeleriniň öňüni açjakdygyny belläp, tebigy gaz ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak isleýän Ýewropa üçin görnetin bähbitli boljakdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaz gorlaryna baýdygyny aýdan analist “Ýewropada talabyň artmagy bilen iki ýurt hem tebigy gazlaryny özüne çekiji bazar bahasyndan pula öwrüp biler. Şeýle hem bu ýagdaý sebitleriň arasyndaky gatnaşygy ýokarlandyrar” diýdi.

Widdershowen Transhazar gaz geçirijisine Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş banky, Ýewropa maýa goýum banky, Halkara pul gaznasy ýaly guramalar tarapyndan goldaw edilmelidigini aýratyn belledi.

Ozal bir ýylyň dowamynda Ýewropa 30 milliard kub metr gaz ugradyp biljekdigini mälim eden Türkmenistan häzirki wagtda Hazaryň düýbünden Azerbaýjana çenli 300 kilometrlik gaz geçirijini gurmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär.

2022