“Readit” kitap dükanynyň trend bolmagynyň esasy sebäbi näme?

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Readit” kitap dükanynyň trend bolmagynyň esasy sebäbi näme?
Bir aýda 24 kitap tamamlan Haýytbaýew üstünlikleriniň esasy sebäbiniň dogry marketing strategiýasydygyny aýtdy.

Sowalnamalaryň “Boş wagtyň näme bilen meşgullanmagy halaýarsyň?” soragyna “Kitap okamak” diýip jogap berenlerimiziň sany az bolmasa gerek. Şeýle jogaby berenleriň arasyndan kitap okamagy çagalygyndan bäri durmuşynyň bir bölegi hasap edýän Myrat Haýytbaýewiň esaslandyran “Readit” onlaýn kitap dükany türkmenistanly kitapsöýerleriň okamak endigine oňyn täsir etdi.

“Biznes Türkmenistan” neşiri hökmünde “Readit”-iň täze ofisiniň ilkinji myhmanlaryndan biri bolduk. Kitap biznesiniň ýaş işewüri Haýytbaýew bilen taslamanyň düýp maksadyndan başlap, kitap nokatlaryna çenli birnäçe temada gürrüňdeş bolduk. Bir aýda 24 kitap tamamlan Haýytbaýew üstünlikleriniň esasy sebäbiniň dogry marketing strategiýasydygyny aýtdy.

“Readit” elektron kitap dükanyny açmak pikiri nädip ýüze çykdy?

Özüm kiçilikden bäri kitap okamagy gowy görýärin. Mekdebi gutaryp, Belarusda ýokary okuw jaýynda okaýan döwürlerim özüm üçin okalmaly kitaplaryň sanawyny çykarýardym. 2015-nji ýylda tomusda Türkmenistana gelenimde sanawymdaky kitaplaryň käbirlerini tapyp bilmedim. Şol ýyl sosial internet platformasynda kitap bilen bagly blog açdym we kitap barada ýazmaga başladym.

“Readit” ady “şuny oka” diýen manyny berýär. Ady saýlanyňyzda haýsy faktorlary göz öňünde tutduňyz?

Blogumy ýazýan döwürlerim biznes bilen bagly köp kitap okaýardym we adymyzy hem şoňa görä saýlap aldym. Dünýä bazaryna çykanyňda dünýä jemgyýetçiliginiň düşünäýjek bir adyny tapmaly bolanlygy üçin “Readit” adyny saýladym. Indiki ýyldan başlap GDA döwletlerinde hem hereket edip başlamagy maksat edinýäris. Şeýle hem onlaýn dükanymyzyň sesli we elektron kitaplar boýunça applikasiýasyny çykarmagy meýilleşdirýäris.

Kitap biznesine girmezden ozal haýsy seljermeleri geçirdiňiz?

2015-nji ýyldan bäri iki gezek seljermek geçirdik. Şol döwrüň içinde kitap okaýanlaryň sany bäş esse artdy. Özüm hem talyp bolanym üçin az çykdajy bilen başladym. Saýtymyz 2019-njy ýylyň martynda taýyn boldy. Günde sahypamaza girip, maglumat ýerleşdirýärdik. Häzirki wagtda gündelik 7-10 aralygynda kitap satylýar. Kä wagtlar 30-a çenli ýokarlanýar.

“Readit”-den kitap sargamak prosesi nähili alnyp barylýar?

Okyjy saýtymyz arkaly sargyt edeninde bize habar gelýär we 5-10 minudyň içinde jaň edip sargydy tassyklaýarys. Ortaça 4 günüň içinde kitaby okyja ýetirýäris. Tölegleri häzirlikçe nagt alýarys. Şeýle hem saýtymyzda onlaýn töleg ýerleşdirmegiň üstünde işleýäris. Häzirki wagtda saýtymyzda 40 müňden gowrak kitap bar. Okyjy saýtymyzda tapmadyk kitabyny gönümel ýüz tutmak arkaly sargap bilýär. Eger şol kitap çap edilen bolsa biziň maglumat gorumyzda bolýar. Häzirki wagtda bile işleşýän çap öýlerimiz bilen bilelikde 2 milliondan gowrak kitaby okyjylara ýetirip bilýäris.

Sosial torlaryň täsiri bilen “Readit”-den kitap almak trende öwrüldi. Bu ýagdaýa nähili ýetdiňiz?

Sosial torlarda marketing işini alyp barmak meniň gyzyklanýan temalarymdan biri. Bu ugurda birnäçe kitap okadym. 2015-nji ýyldan bäri sosial torlarda marketing bilen bagly dünýä ýüzünde alnyp barylýan strategiýalaryň birnäçesini barlap gördüm. Ýöne olaryň köp bölegi biziň okyjylarymyza gabat gelmändigi üçin täze meýilnamanyň üstünde işläp başladym. 2017-nji ýylda tanalýan sungat işgärleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň halaýan kitaplaryny yzarlaýjyarymyz bilen paýlaşdyk. “Instagram”-yň üsti bilen bizi bellemek arkaly olar öz halaýan kitaplaryny paýlaşdylar, biz hem paýlaşdyk. Şol aksiýada ilkinji gezek kitap satyn alyp okaýan adamlara gabat geldik. Sebäbi öz halaýan şahsyýeti bir kitaby gowy görýär we özi hem şol kitaby satyn alýar. Şeýle hem sosial torlarda 5-10 müňden ýokarda yzarlaýjysy bolanlara her aýda bir kitap sowgat berýäris. Şeýlelik bilen ikitaraplaýyn mahatbatlandyryş işi alnyp barylýar.

Trend bolmagy dolulygyna siziň sosial torlardaky marketing işiňiziň netijesinde diýsek boljak eken?!

Hawa. Mysal üçin, şu wagt biziň sosial torlara bir aýlyk goýjak zatlarymyzyň hemmesi taýyn.

Täzelikde sosial torlarda ýazyjylaryň özlerini has öňe çykaryp başladyňyz. Munuň sebäbi nämede?

Hawa. Şu aýdan başlap strategiýamyzy üýtgetdik. Ozal okyjylaryň bize ugradýan suratlaryny we kitaplaryny kän goýýardyk. Häzir bolsa, ýazyjylar we kitabyň arkasynda ýatan hekaýany görkezjek bolýarys.

Sizden alynýan kitaplar okalýarmy?

Anyk seljerme geçirmedik. Ýöne trend bolany üçin alsalar hem begenýärin. Sebäbi kitap ýaly peýdaly serişde trend bolýar. Gowy zadyň trend bolmagy has gowy.

“Offlaýn” kitap dükanyny açmagy meýilleşdirýärsiňizmi?

Meýilleşdirýäris. Adamlaryň gelip görjegi kitap dükany açmak köprak maýa goýum talap edýär. Kitap biznesi beýleki biznes ugurlaryna garanyňda haýal işleýär. Şonuň üçin indiki ýyl açmak meýilnamamyzda bar. Aslynda şu ýyl açmakçydyk, ýöne bu ýyl serişdelerimizi ofis ýaly başgarak zatlara ugrukdyrdyk. Okyjy haýsy kitaby okamak isleýändigini anyk bilse, onlaýn sargyt edip bilýär, haýsy kitaby okajagyna karar berip bilmedikler bolsa, adatça dükanlardan alýarlar. Şol sebäpli hem dükan açmagy meýilleşdirýäris.

Işiňiziň esasy üstünligini nämä baglaýarsyňyz?

Dogry marketing strategiýasyna. Sosial torlarda kitap trend bolsa, onuň alyjysy hem köpelýär. Alyjynyň köpelmegi bolsa, kitap satyjylaryna oňyn täsir edýär. Marketing serişdelerimizi dogry ulanmaga çalyşýarys.

Kitap nokady (bookcrossing) açmak pikiri nireden geldi?

Kitap nokadynyň esasy maksady kitap almaga mümkinçiligi bolmadyklary kitap bilen üpjün etmek bolup durýar. Kitaby hemme kişi üçin elýeter etmek. Her hepde täze kitaplary goýup durýarys.

“Rahat” kafeniň öňünde açylmagynyň sebäbi nämede?

Kitap nokatlary adatça açyk ýerlerde goýulýar. Ýöne Türkmenistanda ilkinji bolany üçin okyjylary öwrenişdirmek maksady bilen gelim-gidimli ýerde goýmagy makul bildik. “Rahat”-yň ýolbaşçylary bilen ylalaşyp kafeniň öňünde ýerleşdirdik.

Başga nirelerde açmagy meýilleşdirýärsiňiz?

Maksadymyz her aý birini açmak. Noýabrda ikisini açmagy meýilleşdirýäris. Olaryň birinjisi “Dana” bilim merkeziniň ýanynda, ikinjisi “Türkmenistan” söwda merkezinde bolar. Ilkinji kitap nokadyndan soňra isleg bildirýänleriň sany hem köpeldi. Her kitap tekjesiniň dizaýnyny hem ýerleşdirilen ýeriniň aýratynlyklaryna görä tapawutly etmekçi.

Kitap nokadyny açanyňyza heniz bir aý hem bolmady. Kitap aýlanşygy nähili?

Gaty gowy. Ýygy alnyp okalýar. Ýakynda baranymda “Ted Talks” barada kitap goýandyklaryny gördüm. Bäş minudyň içinde kofämi alyp yzyma barýançam eýýäm bu kitaby okamaga alypdyrlar. Ýerleşdiren kitaplarymyzyň ýerine ertesi güni başga kitaplar gelýär.

Öz şahsy kitaphanaňdan bir kitaby başgalary bilen paýlaşmak aňsat iş däl. Kitap nokadyna daşyndan goýulýan kitaplaryň sany nähiliräk?

Biz hem goýýarys, okyjylaryň özleri hem goýýarlar. Goýulýan kitaplara seredip durýarys. Dört aýlap yzygiderli özümiz kitap ýerleşdirmekçi. Okyjylar öwrenişeninden soňra bolsa, kitap aýlanyşygy öz-özünden dowam eder.

Kiçilikden bäri kitap okamagy halaýandygyňyzy aýtdyňyz. Şu wagtda çenli näçe kitap okadyňyz?

Umumy okan kitaplarymyň sany 1000-e golaýlandyr diýip biljek. Şahsy rekordym bir aýda 24 kitap. Soňky bir ýarym ýyl bäri kämilleşdiriş kitaplaryny has köp okaýaryn. Şol sebäpli hem ýygylygy azaldy. Okalan kitabyň sanyny däl-de oňa düşünmegi has wajyp hasaplaýaryn.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022