Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşenbe güni Migrasiýa boýunça halkara guramanyň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenen sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Hajiýew bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilelikdäki meýilnamalaryň amala aşyrylyşy we 2020-nji ýyl üçin maksatnamalaryň işlenip düzülişi barada pikir alyşdylar.
Şular ýaly halkara ýagdaýlaryň we garşylyklaryň bolýan döwründe, migrasiýa boýunça umumyadamzat meseleleri çözmek, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlarda migrantlara ýardam bermek, şeýle-de adam söwdasynyň öňüni almak maksatly hereketleriň utgaşdyrylmagynyň zerurdygy barada bellenip geçildi.
Şeýle hem halkara derejedäki, şol sanda howpsuz, düzgünleşdirilen we kanuny migrasiýa barada Global şertnama babatdaky gatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi.
Taraplar migrantlara we raýatlygy bolmadyk adamlara goldaw babatdaky Türkmenistanyň wajyp başlangyçlary hakynda gürrüň etdiler. Halkara bilermenleriň gatnaşmagynda ýörite okuw sapaklarynyň we okuw maslahatlarynyň geçirilmeginiň möhümdigi barada bellenip geçildi. Taraplar migrasiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygyň geljekde ösdürilmegine umyt bildirdiler.
Şol gün Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Halkara migrasiýa guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändigi barada aýdyp, migrasiýa babatdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirdiler.
1951-nji ýylda esaslandyrylan Halkara migrasiýa guramasy ýurtlaryň hökümetleri bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar. Guramanyň 173 agza döwleti bolup, 100-den gowrak ýurtda wekilhanasy hereket edýär.