Lýuks awtoulag öndürijisi “Aston Martin” sişenbe güni täze “DBX” kysymly awtoulagyny tanatdy. Şeýlelikde, britan kompaniýasy özüniň 106 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek SUV kategoriýasyna degişli ulagy öndürdi.
“DBX” awtoulagy 542 at güýjüne eýe bolup, “Mercedes-AMG” tarapyndan öndürilen dört litrlik V8 hereketlendirijisini ulanýar.
Sagatda 290 kilometr tizlik bilen hereket etmäge ukyply bolan “Aston Martin DBX” 4.3 sekundyň dowamynda sagatda 96 kilometr tizlige ýetip bilýär.
Täze ulagyň bahasy ABŞ-da 190 müň dollardan başlar. “DBX”-iň dizaýn edilmeginde zenan “Aston Martin” sürüjileriniň emele getiren geňeşiniň maslahatlaryndan peýdalanyldy. Awtoulagyň içiniň giňligine we ulanyjy mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
“Aston Martin DBX” kompaniýanyň ilkinji SUV ulagy bolmak bilen bir hatarda, lýuks brendiň ilkinji bäş adamlyk (sürüji bilen) awtoulagy bolup durýar.
Sport awtoulaglarynyň mümkinçilikleri bilen ýol bolmadyk ýerlerde ýöremäge ukyply bolan awtoulaglaryň birleşdirilen görnüşi SUV diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagtda “Aston Martin” kompaniýasy Uelsde şeýle awtoulaglary öndürmäge niýetlenen täze zawodyň gurluşyk işlerini amala aşyrýar.
“DBX” 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginden başlap elýeterli bolar. Önümçilik prosesiniň haýal alnyp barylmagy sebäpli, täze ulagyň başdaky mukdarynyň çäkli bolmagyna garaşylýar.