“Ajaýyp anna” ýa-da “Black Friday” aslynda näme?

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ajaýyp anna” ýa-da “Black Friday” aslynda näme?
Ýylyň iň esasy söwda möwsümi hasaplanýan arzanlaşyk günlerinde 80%-e çenli arzanlaşyklara gabat gelmek mümkin.

Däp bolup gelşi ýaly noýabr aýynyň soňky günlerinde söwda merkezlerinde we elektron söwda platformalarynda “Ajaýyp anna” (Black Friday) arzanlaşyklary girizilmäge başlandy.

Ýylyň iň esasy söwda möwsümi hasaplanýan bu günlerde 80%-e çenli arzanlaşyklara gabat gelmek mümkin.

“Ajaýyp anna” başgaça aýdanymyzda, “Black Friday” günleri nireden gelip çykdy?

Bu at ABŞ-de her ýylyň noýabr aýynyň dördünji penşenbesinde bellenilýän Minnetdarlyk gününiň (Thanksgiving day) yzyndan gelýän anna gününi aňladýar. Şol gün eýýäm 1952-nji ýyldan bäri ABŞ-da Kristmas baýramçylygy üçin geçirilýän söwda günleriniň başlangyjy hasaplanylýar.

“Ajaýyp anna” arzanlaşyklary 2000-nji ýyllaryň başyna çenli tutuş ABŞ-de meşhurlyk gazanmaga başlady. Alyjylaryň sanynyň köp bolmagy, söwda merkezlerinde gabat gelinýän başagaýlyk sebäpli “Ajaýyp anna” güni dükanlar ir açylmaga başlandy. Şeýlelikde, 2011-nji ýylda dükanlaryň açylýan wagtlary penşenbe gününi anna gününe baglaýan gijä çenli süýşürildi.

“Amazon” ýaly elektron söwda platformalarynyň köpelmegi bilen “Ajaýyp anna” däbi tutuş dünýä ýaýramaga başlady. Ýewropada bu arzanladyş günleri ilkinjileriň hatarynda Rumyniýada geçirilmäge başlandy. Ýurduň esasy iki söwda dükany zynjyrlary 2014-nji ýyldaky “Ajaýyp annada” alnan harytlaryň mukdarynyň umumylykda 60 million ýewro golaýlandygyny mälim edipdiler.

ABŞ merkezli tehnologiýa kompaniýalarynyň söwda nokatlarynyň tutuş dünýäde açylmagy “Ajaýyp anna” medeniýeti 2016-njy ýyla çenli dünýäniň dürli ýerlerinde tanalýan çäreleriň birine öwrüldi.

Elektron söwda platformalary hem “Ajaýyp anna” arzanlaşyklary üçin aýratyn mahabat çärelerini geçirmäge başlady. Şeýle çäreleriň netijesinde 2017-nji ýylyň “Ajaýyp anna” günlerinde onlaýn söwda dükanlaryna garaşylanyndan artykmaç talap boldy. Käbir platformalar saýta girýänleriň sanyny göterip bilmänligi üçin ýapylmaly boldy.

“Ajaýyp anna” arzanlaşyklary elektron söwda platformalarynda birnäçe günläp dowam edýär.

Şu ýyl “Ajaýyp anna” 29-njy noýabra gabat gelýär. “Amazon”-da arzanlaşyklary bir hepde öňünden başlady.

2017-nji ýylyň “Ajaýyp anna” günlerinde ABŞ-nyň maglumatyna görä, 174 million adam söwda edip, umumylykda 60 milliard dollara golaý haryt satyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022