Türkmenistan we Azerbaýjan Hazaryň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Azerbaýjan Hazaryň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurar
Yklymlaryň arasynda maglumatlary alyşmagyň zerurlygy sekuntda 200-400 gigabitden 4-5 terabaýta çenli internet-trafik alyşmasyny giňeltmäge mümkinçilik döreder.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hökümetleriniň arasynda iki döwletiň aragatnaşyk operatorlary arkaly Türkmenistan – Azerbaýjan ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmak, eýelik etmek hem-de ulanmagy guramak barada Ylalaşyga gol çekildi.

“Türkmentel 2019” halkara sergisiniň çäklerinde penşenbe güni geçirilen ylmy maslahatda gol çekilen taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenbaşy hem-de Siýazan şäherlerini birleşdirer.

Taslamanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda telekommunikasiýa üstaşyr ýollarynyň kämilleşdirilmeginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyna garaşylýar.

“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy we “AzerTeleсom” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet bu ulgamyň gurluşygynyň taslamasy boýunça bilelikdäki işi geçiripdiler.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynda bilelikdäki işleri geçirmegiň mümkinçiliklerine Ýaponiýanyň içeri işler we kommunikasiýalar ministri jenap Masatoşi Işida bilen duşuşygyň dowamynda garalypdy. Hususan-da, ýapon tarapyndan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda suwasty optiki-süýümli aragatnaşyk ugurlarynyň gurluşygyna goldaw bermäge taýýardyklary beýan edildi.

Statistik maglumatlara görä, Aziýanyň ilaty 4 milliard adamdan geçýär, Ýewropada 990 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Yklymlaryň arasynda maglumatlary alyşmagyň zerurlygy sekuntda 200-400 gigabitden 4-5 terabaýta çenli internet-trafik alyşmasyny giňeltmäge mümkinçilik döreder.

Türkmenistanyň çäklerini iň häzirki zaman optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary kesip geçýär. Ýerli telefon belgileriniň sanynyň artdyrylmagy halkara we şäherara aragatnaşyk ýaýlymlarynyň möçberiniň artmagyna getirdi. Türkmenistanyň çäkleri boýunça Trans – Aziýa – Ýewropa optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň 708 kilometr uzynlykdaky böleginiň geçýändigi uly ähmiýete eýedir. Hytaýyň Urumçy şäherinden Germaniýanyň Frankfurt şäherine çenli onuň umumy uzynlygy 27 müň kilometre deňdir.

Bu gün Türkmenistan Aşgabat – Bajigiran (Eýran), Serhetabat – Hyrat (Owganystan), Ymamnazar – Akina (Owganystan), Türkmenabat – Buhara (Özbegistan) we Garabogaz – Fetisow (Gazagystan) ugurlary boýunça optiki-süýümli baş halkara aragatnaşyk ulgamyna eýedir.

Soňky üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň satyn alýan halkara internet teleýaýlymlarynyň umumy göwrümi on esse artdy. Şol döwürde internetden peýdalanyjylaryň sany ýurdumyzda 500 müň adam köpeldi.

2022