Mejlisde iş görnüşlerini ygtyýarlandyrmak baradaky Kanunyň taslamasyna seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mejlisde iş görnüşlerini ygtyýarlandyrmak baradaky Kanunyň taslamasyna seredildi
Kanun işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmagyň hukuk esasyny kesgitleýär.

Türkmenistanyň Mejlisinde “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şenbe güni Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda mundan başga-da, birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi.

Mejlisde deputatlar häzirki günlerde ýurtda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we täzeçil usulda diwersifikasiýa etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny bellediler.

Türkmenistanda bilim, farmasewtika, lukmançylyk, gurluşyk, nebitgaz işlerinde, elektroenergetika, himiýa senagatynda, aragatnaşyk, ulag gatnawlary, tohumçylyk, maldarçylyk, tebigy serişdelerden peýdalanmak we daşky gurşawy goramak we başga-da birnäçe ugurlarda hödürlenýän hyzmatlaryň milli we halkara ülňülerine laýyk gelmegi hökmany talap bolup durýandygy maslahatyň dowamynda aýdyldy.

Iş görnüşleriniň artmagynyň “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda” Kanunyň taslamasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup durýandygy bellenildi. Kanun işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmagyň hukuk esasyny kesgitleýär we Türkmenistanyň çäginde ony amala aşyrmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar diýlip, mejlisde aýdyldy.

Mejlisde bellenilişi ýaly, bu resminamanyň maksady önümleriň, işleriň we adamlaryň ömri hem-de saglygy üçin hyzmatlaryň howpsuzlygyny, raýatlaryň emläginiň, daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekden, önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň kadalaşdyryş namalarynyň talaplaryna laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelerde şahsy hem-de ýuridiki taraplaryň bähbidini goramakdan ybaratdyr.

Ygtyýarnama işiň her bir ygtyýarlylandyrylýan görnüşi üçin aýratynlykda berilýär. Amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alnan işiň görnüşi diňe ygtyýarnamany alan şahs tarapyndan ýerine ýetirlip bilner.

Ygtyýarnamanyň hereketi Türkmenistanyň bütin çägine degişli bolup, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen çäklendirmeler muňa degişli däldir.

Türkmenistanda “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Kanuny 2008-nji ýylyň 25-nji iýunynda kabul edildi.

2022