Türkmenistan bilen Russiýanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary 80% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Russiýanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary 80% ýokarlandy
Ýanwar – sentýabr aýlarynyň aralygynda Türkmenistandan Russiýa ABŞ-nyň 6.7 million dollaryna barabar nebit önümleri eksport edildi.

Şu ýylyň birinji dokuz aýynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 80% ýokarlandy.

Russiýa Federasiýasynyň döwlet gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, plastik önümleri Türkmenistandan ugradylan harytlaryň sanawynyň başynda gelýär.

Degişli döwürde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandan import eden polimer önümleriniň bahasy 47 million 665 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Ýanwar – sentýabr aýlarynyň aralygynda Türkmenistandan Russiýa ABŞ-nyň 6.7 million dollaryna barabar nebit önümleri eksport edildi. Bu görkeziji geçen ýyldakynyň 6.8 essesine deňdir.

Russiýa Türkmenistanda öndürilen nah ýüplüginiň hem yzygiderli import edijisi hökmünde çykyş edýär.

Birža söwdalary bilen bir hatarda türkmen hususyýetçileri hem rus bazaryna eksport etmegini dowam edýär. Oktýabr aýynda “Röwşen” haryt nyşanly aýakgaplaryň 6671 jübüti ilkinji gezek Russiýa Federasiýasyna eksport edildi. Şeýle hem geçen ýylyň dowamynda “Akar” haryt nyşanly joraplaryň bir bölegi Russiýa ugradyldy.

Türkmenistanda öndürilen oba hojalyk önümlerinden, esasan, pomidora rus bazarynda isleg bildirilýär. Russiýa dünýäniň esasy pomidor import ediji ýurdy bolmak bilen geçen ýylyň dowamynda 630 million ABŞ dollaryna golaý pomidor satyn aldy.

Türkmenistan 2017-nji ýylda Russiýa Federasiýasyna ABŞ-nyň 83.1 million dollaryna barabar haryt eksport etdi. Bu mukdaryň 50.1 million dollaryny tekstil önümleri, 28.7 million dollaryny polimer önümleri, 2.45 million dollaryny pomidor üpjün etdi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022