Türkmen geologlary täze çig mal gorlaryny ýüze çykardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen geologlary täze çig mal gorlaryny ýüze çykardy
Sement önümçiliginde ulanylýan bu çig malyň tehnologik synaglaryndan soňra geologlar käniň gurluşyny jikme-jik barlar.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň geologiýa-gözleg ekspedisiýasy Balkan welaýatynyň “Gyzylgaýa” demir magdany käniniň deslapky barlagyny tamamlady. “Çagyl” meýdançasynda Tuarkyr geologiýa-gözleg topary tarapyndan С-1 we С-2 görnüşli gorlar ýüze çykaryldy. Metallurgiýa senagatynda olary ulanmagyň geljegini kesgitlemek üçin tehnologik synaglar geçiriler.

Sement önümçiliginde ulanylýan bu çig malyň tehnologik synaglaryndan soňra geologlar käniň gurluşy we onda gazylyp alynýan peýdaly magdanlary barada ýeterlik maglumat almak üçin käni jikme-jik barlar. Döwlet korporasiýasynda geçirilen barlaghana seljermeleri magdanyň düzüminde köp mukdarda demiriň bardygyny we aňsatlyk bilen baýlaşyp bilýändigini tassyklady.

250 gektardan gowrak meýdanda ýerleşýän tebigy demir gorlarynyň çig maly açyk usulda gazyp almaga mümkinçilik berýär. Demir magdanly ýatagyň Demirgazyk-Gündogar demir ýoluna golaý ýerleşmegi bu çig maly ýurduň senagat merkezlerine aňsatlyk bilen ibermäge ýardam eder.

Türkmen geologiýa-gözleg ekspedisiýasy gazylyp alynýan peýdaly magdanlara baý bolan Tuarkyr sebitinde eýýäm birnäçe ýyl bäri gözleg işlerini alyp barýar. Geçen wagtyň dowamynda geologlar senagat önümçiliginde giňden ulanylýan bentonitleriň, kaoliniň, goňur we okislenen kömür känlerini tapdylar. 

2022