“Guwlyduz”-yň düzüminde ýodlaşdyrylan we tehniki duz öndürýän kärhana açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Guwlyduz”-yň düzüminde ýodlaşdyrylan we tehniki duz öndürýän kärhana açyldy
Taýýar önümler ilata ýerlemek üçin 1 we 2 kilogram agramly plastik bedrejiklere, şeýle hem kagyz haltalara gaplanylýar.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky “Guwlyduz” kombinatynyň düzüminde kuwwaty ýylda 40,000 tonna ýodlaşdyrylan nahar duzuny we 2,500 tonna gerdejik görnüşli tehniki duzy öndürýän täze önümhana çarşenbe güni açyldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli kärhananyň çig mal binýady bolup, Duz köli hyzmat edýär. Ol Hazar deňziniň kenarynda Türkmenbaşy şäherinden 40 kilometr demirgazykda ýerleşip, ýurdumyzda nahar duzunyň iri tebigy ýatagy bolup durýar.

Täze desga “EKOSOLT” kompaniýasynyň döwrebap kuwwatly enjamlary bilen üpjün edildi. Duz kölünden alynýan çig mal bu ýerde gaýtadan işlemegiň birnäçe tapgyryndan geçýär, suw bilen ýuwulýar we guradylýar. Taýýar önümler ilata ýerlemek üçin 1 we 2 kilogram agramly plastik bedrejiklere, şeýle hem kagyz haltalara gaplanylýar.

Bu önümçilik ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýär, çünki nebitgaz, dokma we beýleki pudaklarda, şeýle hem jemagat hojalygynda giňden ulanylýan ýokary hilli gerdejik görnüşli tehniki duz ýodlaşdyrylan nahar duzy taýýarlanylýarka howa göterilýän tozgalardan öndürilýär.

Türkmenistan GDA döwletleriniň hatarynda hem-de Merkezi Aziýada ilkinji, dünýäde dördünji döwlet bolup, umumy kabul edilen halkara ölçeglerine laýyklykda, ilatyny ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün eden ýurt hökmünde ykrar edildi.

2022