Daşoguzda geljek ýylda ýyladyşhana toplumlarynyň birnäçesi peýda bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda geljek ýylda ýyladyşhana toplumlarynyň birnäçesi peýda bolar
Gurulýan ýyladyşhanalaryň ählisi döwrebap enjamlaşdyrylyp, olarda ýylylyk, ýagtylyk, çyglylyk we iýmitlendiriş awtomatiki usulda ýerine ýetiriler.

Daşoguz welaýatynyň etraplarynda oba hojalyk ekinleri üçin ýyladyşhanalaryň sanlary yzygiderli artýar. Telekeçiler hususy ýyladyşhanalaryň gurluşygyny geljek ýylda açmagy göz öňünde tutýar.

Welaýatyň S.Türkmenbaşy etrabynda “Bir ýol” hususy kärhanasy tarapyndan ýyladyşhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Täze ýyladyşhana döwlet tarapyndan uzakmöhletleýin kärendesine berilýän dört gektar ýerde bina ediler.

“Aman Meten” hususy kärhanasy bolsa, bäş gektar meýdany eýelejek ýyladyşhana toplumynyň gurluşygyny Gubadag etrabynda alyp barýar.

Şeýle hem demirgazyk welaýatynyň Görogly etrabynda “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasy bäş gektarlyk meýdanda özüniň ikinji ýyladyşhanasyny açmaga taýýarlanýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gurýan ýyladyşhanalarynyň ählisi döwrebap enjamlaşdyrylyp, olarda ýylylyk, ýagtylyk, çyglylyk we iýmitlendiriş awtomatiki usulda ýerine ýetiriler. Şeýle hem ýygyljak hasyl alyjylara ýetirilmezden ozal barlaghanadan geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022