Londonyň Hitrow halkara howa menziliniň terminallarynda robotlar işe girizilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Londonyň Hitrow halkara howa menziliniň terminallarynda robotlar işe girizilýär
Emeli aňly, özbaşdak hereket edýän robotlar her gün terminaldan geçýän 90 müň ýolagça howa menziliniň içinde barjak ýerine eltmäge kömek eder.

2020-nji ýylda London şäheriniň Hitrow halkara howa menziliniň 5-nji terminalynda robotlar işe giriziler. Bu barada “AirlineRatings” internet sahypasy habar berýär.

Emeli aňly, özbaşdak hereket edýän robotlar her gün terminaldan geçýän 90 müň ýolagça howa menziliniň içinde barjak ýerine eltmäge kömek eder.

“BotsAndUS” tehologiýalar kompaniýasynyň robotlary ujypsyzja wezipeleri ýerine ýetirmek bilen adam güýçlerini diňe wajyp işlere ugrukdyrmaga ýardam berer. Robotlarda ýolagçylarda gatnawlar boýunça ýüze çykan soraglaryna jogap bermek üçin ýörite terjimeçilik tehnologiýalary oturdylan. Şeýle-de, terminalyň çäginde hereket etmek we ýolagçylara ýolbelet bolmak üçin geolokasiýa tehnologiýasy we beýleki birnäçe kämilleşdirilen datçikler ýerleşdirilen.

Mundan başga-da, “British Airways” (BA) kompaniýasy emeli aňy kämilleşdirmegiň üstünde birnäçe işleri alyp barýar we geljekde terminalyň çäginde hereket edýän awtomatlaşdyrylan ýük ulaglaryny girizmegi meýilleşdirýär.

Geçen ýyl BA kompaniýasy 5-nji terminalda 80 sany awtomatlaşdyrylan hasaba alyş enjamlaryny we 80 sany ýük tabşyryş enjamlaryny oturtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022