Türkmen wekiliýeti Wengriýada hökümetara toparyň mejlisine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Wengriýada hökümetara toparyň mejlisine gatnaşar
Türkmen wekiliýeti Budapeşt şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisine gatnaşar.

Türkmen wekiliýeti Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçiriljek ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisine gatnaşar.

20-21-nji ýanwarda geçiriljek hökümetara toparyň mejlisinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarow ýolbaşçylyk eder.

Gepleşikleriň çäklerinde geçiriljek tegelek stola Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden we onuň agzalaryndan 10-dan gowrak wekili gatnaşar. Wengriýa bilen iş salyşýan oba hojalyk, şöhlat önümleri, dokmaçylyk, ekerançylyk, çörek önümleri we guşçulyk bilen meşgullanýan işewürler hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça pikir alşarlar.

Hökümetara türkmen-wenger toparynyň üçünji mejlisi 2017-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilipdi. Mejlisde söwda-ykdysady ulgamda özara hereketleri çuňlaşdyrmak üçin anyk ädimler kesgitlendi, bilelikdäki önümçilikleri we kärhanalary döretmegiň hasabyna haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Türkmenistandan Wengriýa eksport edilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek baradaky teklibe garamaga aýratyn üns berildi.

2022