Baýramaly demirbeton önümleri kärhanasy 100 görnüşli gurluşyk harytlaryny öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Baýramaly demirbeton önümleri kärhanasy 100 görnüşli gurluşyk harytlaryny öndürýär
Baýramaly şäher demirbeton önümleri kärhanasynda ýylda 30 müň kub metr beton önümleri öndürilýär.

“Türkmensenagat” agentliginiň “Türkmendemirbetonönümleri” döwlet kärhanasynyň Baýramaly şäher demirbeton önümleri kärhanasynda ýylda 30 müň kub metr beton önümleri öndürilýär.

Bu kärhanada kuwwatly enjamlaryň sazlaşykly hereketi arkaly jemi 100-e golaý dürli görnüşli demirbeton önümleri öndürilýär. Kärhana tarapyndan öndürilýän önümler Türkmenistanda giň gerimde amala aşyrylýan gurluşyklarda ulanylýar.

Gurnama demirbeton önümleri öndürýän bu kärhanada demirbeton plitalary, haýatlar, dürli görnüşli turbalar, ýol gyra daşlary we beton diwar daşlary öndürilýär.

Işler iki çalşykda alnyp barylýan Baýramly şäher demirbeton önümleri kärhanasynda 200-e golaý adam zähmet çekýär.

Bu ýerde öndürilýän önümler gurluşyk işlerini alyp barýan edara kärhanalaryň we raýatlaryň buýurmalary esasynda ýerine ýetirilýär. Kärhananyň barlaghanalarynda oturdulan döwrebap enjamlar öndürilýän önümleriň hiline gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär.