“Rowaçly çeşme” hususy kärhanasy Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýogurt önümçiligini ýola goýdy. Häzirki wagtda kärhana ýogurdyň alty görnüşi müşderilere yzygider ýetirip durýar.
Geçen ýylyň dekabr aýynda açylan kärhanada ýogurt bilen bir hatarda gaýmak, gatyk, aýran, dorag, çekize ýaly süýt önümleri hem öndürilýär. Kärhananyň döwrebap enjamlary bir sagadyň dowamynda bir tonna süýdi işlemäge mümkinçilik berýär. Ýylyň dowamynda bolsa bu ýerde 1,500 tonna süýdi gaýtadan işlemäge mümkinçilik bar.
Hususy kärhana önümçilik üçin zerur süýdi baglaşylan şertnama esasynda ilatdan satyn alýar.
“Rowaçly çeşme” hususy kärhanasynyň önümleri desganyň çägindäki barlaghanadan geçenden soňra söwda nokatlarynda ilata ýetirilýär.