Türkmenistan bilen ÝUNEP “ýaşyl ykdysadyýet” boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen ÝUNEP “ýaşyl ykdysadyýet” boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
ÝUNEP-iň Merkezi Aziýa boýunça Edarasynyň ýolbaşçysy Aýdaý Kurmanowa Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda kabul edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sişenbe güni Türkmenistanyň baş diplomaty Raşid Meredow BMG-niň Daşky gurşaw baradaky Maksatnamasynyň (ÝUNEP) Merkezi Aziýa boýunça Edarasynyň ýolbaşçysy Aýdaý Kurmanowa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawyň goraglylygy, howanyň üýtgemegi, tebigy gorlaryň netijeliligi we “ýaşyl ykdysadyýetiň” meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Taraplar hususan-da Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça ÝUNEP-iň sebitleýin Edarasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrmagyna aýratyn üns çekdiler. 

Türkmen metbugatyna beren beýanatynda ÝUNEP-iň Merkezi Aziýa boýunça Edarasynyň ýolbaşçysy Kurmanowa howanyň, suwuň, umuman daşky gurşawyň çäginiň ýokdugyny aýdyp, Türkmenistanyň muňa aýratyn üns berýändigini belläpdi.

Türkmenistana saparynyň çäklerinde Aýdaý Kurmanowanyň Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministri hem-de Hazar deňzi institutynyň Direktory bilen duşuşyklary geçirildi.

2022