Wengriýa türkmen gazyny satyn almaga gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Wengriýa türkmen gazyny satyn almaga gyzyklanma bildirýär
Menseriň aýtmagyna görä, Wengriýa gaz üpjünçiliginiň ugurlaryny giňeltmekçi, Türkmenistan bolsa, dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orny eýeleýär.

“Günorta gaz geçelgesiniň” zerur düzüminiň gurluşygy tamamlanandan soň Wengriýa Türkmenistandan her ýyl 5 milliard kub metr gazy satyn alyp biler. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Tamas Mensere salgylanyp, “Hungary Today” habar berýär. Menser muny Budapeştde sişenbe güni geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-wenger hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisinden soň mälim etdi.

Menseriň aýtmagyna görä, Wengriýa gaz üpjünçiliginiň ugurlaryny giňeltmekçi, Türkmenistan bolsa, dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orny eýeleýär, şonuň üçin hem türkmen tarapy gazyň Ýewropa akdyrylmagyna gyzyklanma bildirýär.

“Wengriýa we Türkmenistan derman senagatynda, oba hojalykda has ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýär. Türkmenistan öz suw serişdelerini dolandyrmakda wenger tehnologiýalarynyň ulanylmagyna aýratyn üns berýär” diýip, Menser sözüne goşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna laýyklykda, Budapeştde bilelikdäki toparyň mejlisiniň çäklerinde türkmen-wenger işewürlik maslahaty hem geçirildi.

Çäre Wengriýanyň Eksporty ösdürmek boýunça agentligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde guraldy. Foruma ýüze golaý telekeçi gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde guşçulykda ýöriteleşen iri türkmen kompaniýalary Wengriýada guş etiniň öňdebaryjy öndürijisi bolan “Aviagen Kft” bilen ylalaşyklary gazandy.

2022