Türkmenistanda mekgejöwen çipslerini çykarmagy ýola goýan “Milli Sungat” hususy kärhanasy 2019-njy ýylyň dowamynda önümiň 29 tonnasyny Owganystana eksport etdi.
Çipsleriň önümçiligine 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde başlandy. Häzirki wagtda çişlik, jüýje we ajy burç tagamly mekgejöwen çipsleriniň görnüşleri “Şa çipsi” haryt nyşanly gaplarda ilata yzygiderli ýetirilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Milli Sungat” geçen ýyl içerki bazar üçin 200 tonna golaý çipsi öndürdi.
“Şa çipsileriň” eksport ugurlaryny artdyrmak boýunça işler geçirýän hususy kärhana, olary Russiýanyň bazarlarynda hem satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.
“Milli Sungat” hususy kärhanasy şu ýylyň dowamynda önümleriniň görnüşlerine täzelerini goşmagy maksat edinýär. Ýakyn günlerde arahis we köke çykarmagy göz öňünde tutýan kärhana zerur enjamlary satyn almak boýunça gepleşikler geçirdi.
Oba-hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi hem özleriniň iş ugurlary bilen ugrukdyrjak “Milli Sungat” şu ýyl ýyladyşhananyň gurluşygyna başlamakçy. Kaka etrabynyň çäginde iki gektar meýdanda dörediljek toplumdan ýylda 400 tonna çenli pomidor ýygmak meýilleşdirilýär.