Iri konsorsium Türkmenistanda metanol we poliwinilasetat zawodyny gurmagy hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Iri konsorsium Türkmenistanda metanol we poliwinilasetat zawodyny gurmagy hödürleýär
“SOCAR Methanol” zawody

Ýewropanyň “Edison Technologies”, “MMEC Mannesmann GmbH” we “Air Liquide Global E&C Solutions” hem-de Hytaýyň “SINOPEC Engineering Group” kompaniýalaryndan ybarat bolan konsorsium Türkmenistanda metanol we poliwinilasetat gazhimiýa toplumynyň gurluşygy boýunça maýa goýum taslamasyny hödürleýär.

Poliwinilasetat önümçiligi boýunça tehnologiýalara ygtyýarnamasy bolan “Air Liquide Global E&C Solutions” we “Sinopec Engineering Group” kompaniýalary gazhimiýa toplumynda poliwinilasetaty (ýylda 100 müň tonna), metanoly (ýylda 390 müň tonna), winilasetaty (ýylda 121 müň tonna) we sirke turşusyny (ýylda 11.8 müň tonna) öndürmegi göz öňünde tutýar.

Konsorisum hödürleýän 100% möçberindäki göni maýa goýumlaryny öndürilýän önümi paýlaşmagyň hasabyna üzmegi teklip edýär. Bu önümleri, esasan, hytaý döwleti we hususy kompaniýalary satyn alýar.

Metanolyň önümçiligi we eksporty

GDA ýurtlarynda metanolyň önümçilik kuwwatlygy 5.45 million tonna bolup, diňe Russiýadaky kärhanalaryň özi 4.5 million tonna golaý metanol öndürýär.

Häzirki günde metanol Azerbaýjanda, Belarusda, Ukrainada we Özbegistanda hem öndürilýär. Bu ýurtlarda öndürilen 355 müň tonna metanolyň agramly bölegi, ýagny 266 müň tonnasy önümlerini esasan eksporta ugradýan Azerbaýjanyň “SOCAR Methanol” kompaniýasyna degişlidir. Belarusda ýylda 70-85 müň tonna aralygynda metanol öndürilýär, Özbegistanda bolsa bu görkeziji 10-12 müň tonna golaýdyr.

Russiýada metanol önümçiliginiň geljegine oňyn baha berilýär, sebäbi önümçilik üçin çig mal hökmünde ulanylýan tebigy gaz ýurtda artykmajy bilen bar. Şonuň üçin, ekspertleriň pikiriçe, gazyň nyrhynyň arzan bolmagy täze metanol taslamalaryny düşewüntli ýagdaýa eltýär.

Halkara seljermelere görä, dünýäde metanola bolan talabyň 2021-nji ýylda 117 million tonna ýetmegi mümkindir. Geljek 5 ýylyň dowamynda oňyn ösüş depginine garaşylýar. Sebitleýin çäkde metanoly sarp etmegiň möçberi boýunça Aziýa, ozaly bilen Hytaý liderdi we lider bolmagynda galar diýlip çaklanylýar. Eger 2019-njy ýylda Hytaý kärhanalarynyň metanola bolan talaby 50 million tonnadan geçen bolsa, 2021-nji ýylda bu talabyň 80 million tonnadan (umuman Aziýa boýunça bolsa – 90 million tonnadan) geçmegine garaşylýar.

Köp sanly bilermenleriň pikiri boýunça, Hytaýda MTO-taslamalary (metanoldan olefin öndürmek boýunça taslamalar) uly meşhurlyk gazandy.Iň esasy zat bolsa, bu taslamalar diňe bir işlenip taýýarlanylman, eýsem, durmuşa-da üstünlikli geçirilýär. Mysal üçin, birleşdirilen MTO-taslamalary netijesinde 2018-nji ýylda 8.96 million tonna metanol öndürildi. Birleşdirilmedik taslamalar barada aýdanymyzda bolsa, 2019-njy ýylda sarp ediş möçberi 21.2 million tonna ýetdi.

ABŞ hakynda aýdanymyzda, bilermenler bir geň aýratynlygy belleýärler: bu ýurt dünýäniň metanol taryhynda ilkinji gezek import ediji ýurtdan eksport ediji ýurda öwrüldi. Eger 2019-njy ýylda “talap/önümçilik” gatnaşyjysy degişlilikde 7.8 we 6.9 million tonna deň bolan bolsa, 2021-nji ýyla çenli bu görkezijiler 9 million tonna ýeter diýlip çak edilýär.

Gazagystanda “Birleşen himiýa kompaniýasy” metanoly öndürmek boýunça taslamanyň birnäçe görnüşlerini taýýarlar. Bu kompaniýanyň taslama menejeri Saýagül Ibragimownanyň aýtmagyna görä, ýylda metanolyň 0.9, 1 we 1.6 million tonnasyny öndürýän zawodlary gurmak mümkinçiliklerine seredilýär. Önümçilik taslamasy Atyrau welaýatyndaky nebit-himiýa zolagynyň çäklerinde meýilleşdirilýär.

2022