Aşgabatda YHÖG-niň wekilleri sebitdäki telekeçilik işi boýunça pikir alyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda YHÖG-niň wekilleri sebitdäki telekeçilik işi boýunça pikir alyşdy
Aşgabatda YHÖG “Merkezi Aziýa ýurtlarynda telekeçiligiň hukuk gurşawynyň kämilleşdirilmegi: Türkmenistan” baha bermegiň çäklerinde iş maslahaty geçirildi.

Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) “Merkezi Aziýa ýurtlarynda telekeçiligiň hukuk gurşawynyň kämilleşdirilmegi: Türkmenistan” baha bermegiň çäklerinde degişli netijeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça iş maslahaty geçirildi.

Penşenbe güni türkmen paýtagtynyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen çäre özbaşyna ikinji iş mejlisi bolup, Türkmenistanda özgertmeleriň ýurt üçin ileri tutulýan ugurlaryň kesgitlenilmegine itergi berjek birinji esasy netijeleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy maksady bilen geçirildi.

Şeýle-de mejlisiň çäklerinde bu meseleleriň hökümetiň hem-de taslamanyň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşlaryň wekilleriniň, şonuň ýaly-da hususy pudagyň we döwlet edaralarynyň arasyndaky araçy guramalaryň wekilleriniň arasynda pikir alyşmalar geçirildi.

Maslahata türkmen tarapyndan birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlise şonuň ýaly-da taslamanyň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşlarynyň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň we YHÖG-niň agza ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

YHÖG Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawyny bermeginde sebitleýin taslamany durmuşa geçirýär. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümetlerine telekeçiligiň hukuk gurşawynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleriň geljegi uly ugurlarynyň kesgitlenilmegi maksady bilen analitiki goldaw berilýär.

Merkezi edarasy Pariž şäherinde ýerleşýän YHÖG 1948-nji ýylda esaslandyrylyp, oňa häzirki wagtda 36 ýurt agza boldy.

2022