2016-njy ýyldaky “Brexit” boýunça referendumyndan bäri üç ýarym ýyldan we üç sany premýer-ministr çalşygyndan soňra Britaniýa ilkinji döwlet bolup, anna güni Grinwiç sagady bilen 23:01-de Ýewropa Bileleşiginden çykýar.
“Brexit” boýunça gutarnykly netijä gelmek üçin Ýewropa Geňeşi elektron poçtasy arkaly ses bermek düzgünini ulandy. Bu bolsa ýokary wezipeli adamlaryň gatnaşmagyny we awgust mejlislerini geçirmegi talap etmeýär.
“Geňeş Ýewropa Bileleşiginiň adyndan çykmak barada ylalaşygy ýazmaça görnüşde kabul etdi” diýip, Ýewropa Geňeşi aýtdy.
“Çykmak barada ylalaşyk Britaniýanyň ÝB-den 31-nji ýanwarda birnäçe Ýewropa döwletlerinde ýary gije, Britaniýada sagat 23:00-dan soňra güýje girer. Şu pursatdan başlap, Beýik Britaniýa ÝB-niň agzasy bolman, üçünji döwlet hökmünde hasaplanar” diýip, Ýewropa Geňeşi belledi.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu uly waka bolmagyna garamazdan, jemgyýet üçin gös-göni täsirini ýetirmez. Britaniýa ÝB bilen ylalaşylan geçiş döwrüne gadam basar. Bu ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, Britaniýa indiki 11 aýyň dowamynda ÝB-niň ähli taraplaýyn agzasy bolup galýar, emma adyny götermeýär.
Bu döwrüň dowamynda Beýik Britaniýa Ýewropa bilen geljekki gatnaşyklary boýunça gepleşikleri geçirmelidir. Resmi gepleşikler 3-nji martda başlar. Bu wagta taraplar möhüm belliklerini edip, belli bir çäkleri kesgitlärler.
Boris Jonson anna güni Britaniýa üçin “täze eýýamyň şapagyny” yglan eder, sebäbi Britaniýa ÝB-de ýarym asyra golaý agzalygyny bes edýär we ýurdy bölünişik döwründen soňra bitewilige çagyrar.
Brýussel Britaniýanyň ÝB-den agza bolmagynyň hormatyna penşenbe güni Grand Place meýdançasyny britan baýdagynyň reňklerinde çyralar bilen bezejekdigini aýtdy.
Britan baýdagy Ýewropa Bileleşiginiň binalaryndan, şeýle-de ÝB-niň baýdagy britan wekiliýetiniň ofislerinden düşüriler we “Birleşen Patyşalygyň ÝB-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy” “Birleşen Patyşalygyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçihanasyna” öwrüler.