Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreler işläp taýýarlanylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreler işläp taýýarlanylýar
Iş maslahatynyň gün tertibine keselleriň öňüni almaga hem-de ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk çäreleri işläp taýýarlamak meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, paýtagtyň we welaýatlaryň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň agzalary gatnaşdy.

Gün tertibine arassaçylyk ýagdaýyny saklamak, keselleriň öňüni almaga hem-de ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk çäreleri işläp taýýarlamak meseleleri girizildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýüze çykýan ýokanç keselleriň, dümewiň ýaýramagyna gözegçilik boýunça maksatnamany işläp taýýarlamaga degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany “Häzirki wagtda adamlaryň saglygyny goramak döwletiň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi milletiň we her bir adamyň durmuşynyň anyk ýagdaýydyr” diýip belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda keselleriň peýda bolmak howpuny ep-esli azaldýan degişli öňüni alyş çäreleriň tutuş toplumynyň geçirilýändigini nygtady.

Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde arassaçylyk we gigiýena düzgünleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmak maksady bilen, düşündiriş hem-de wagyz-nesihat işlerini mundan beýläk hem dowam etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

2022