Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargylary öndürýän kärhanasy agardylan hasa çykarmaga başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargylary öndürýän kärhanasy agardylan hasa çykarmaga başlady
Häzirki wagtda täze önüm bildirilýän talaplara laýyklykda synaglardan geçirilýär.

“Türkmendermansenagat” birleşiginiň Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasy agardylan hasa matasyny öndürdi. Ini bir metre deň bolan hasalar özüniň ýeňilligi bilen tapawutlanýar.

Häzirki wagtda täze önüm bildirilýän talaplara laýyklykda synaglardan geçirilýär.

Daşoguz welaýatynyň Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynyň önümleri ýurduň bejeriş we sagaldyş edaralarynda giňden ulanylýar. Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan oturdylan döwrebap enjamlar zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini bir-birden we toparlaýyn gaplamak bilen öndürýär.

Kärhananyň öndürýän önümlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem gyzyklanma bildirýär. Geçen ýylyň dowamynda rus kompaniýalaryndan wekiller tanyşmak maksatly kärhana aýlandylar.

Ýakyn geljekde bolsa, kärhana önümlerini eksport etmegi hem göz öňünde tutýar.

Daşoguz welaýatynyň Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasy 2014-nji ýylda ulanylmaga berildi. Kärhanada 100-den gowrak önümçilik enjamlary oturdylyp, ýylda 13 million sany taýýar gaplanan önümi öndürmäge ukyplydyr.

2022