Russiýanyň “Lukoýl” kompaniýasy türkmen bazaryna girmäge isleg bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýanyň “Lukoýl” kompaniýasy türkmen bazaryna girmäge isleg bildirýär
“Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanda ilkinji taslamasyny Hazaryň türkmen kenarynda amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýär.

Russiýanyň “Lukoýl” kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen kenarynda taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan çarşenbe güni kabul edilen “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem-de özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda türkmen Lideri hem-de “Lukoýl” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bar bolan mümkinçilikleri we olary amala aşyrmagyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Gepleşigiň barşynda ýurduň energetika strategiýasynyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek, nebitgaz çykarýan hem-de gaýtadan işleýän önümçilikleriň kuwwatlyklaryny artdyrmak, gaz we nebithimiýa senagatyny ösdürmek hem-de ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmek ýaly esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşlikde russiýaly işewür döwlet Baştutanyny Hazar deňzindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek babatda “Lukoýl” kompaniýasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy.

“Türkmenistanda maýa goýum ýagdaýy hem-de bu ýerde nebit we gaz ýataklaryny işläp taýýarlamaga, düzümiň gurluşygyna netijeli maýa goýmaga mümkinçilik berýän hukuk binýady döredildi” diýip Alekperow belledi. Onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy şol ugurlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär.

Ýurt Baştutany russiýaly hyzmatdaşlaryň başlangyçlaryny goldap, taraplarda bar bolan teklipleriň “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleri bilen bilelikde öwrenilmegi hem-de seretmäge hödürlenilmegi barada tabşyryk berdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutany we myhman Türkmenistanyň hem-de “Lukoýl” kompaniýasynyň anyk netijeleri ugur edinýän uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Edara binasy Moskwada ýerleşýän iri nebitgaz kompaniýasy bolan “Lukoýl” 1991-nji ýylda esaslandyryldy. Rus kompaniýasy dünýäniň 30-a golaý ýurdunda iş alyp barýar.