Mary şäherinde “Stambul prosesiniň” çäklerinde türkmen-owgan seminary başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mary şäherinde “Stambul prosesiniň” çäklerinde türkmen-owgan seminary başlady
Maryda Owganystan boýunça hyzmatdaşlygyň “Stambul prosesiniň” çäklerinde sebitleýin infrastrukturalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-owgan seminary öz işine başlady.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde duşenbe güni Owganystan boýunça hyzmatdaşlygyň “Stambul prosesiniň” çäklerinde sebitleýin infrastrukturalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-owgan seminary öz işine başlady.

Bu çärä Türkmenistanyň we Owganystanyň Daşary işler, Içeri işler, Goranmak, Energetika ministrlikleriniň wekilleri we nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, şeýle-de “Stambul prosessine” gatnaşyjy ýurtlaryň ygtyýarly wekilleri gatnaşýarlar.

Seminar ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýardam bermeginde guralandyr.

Duşuşygyň maksady wehimleriň dolandyrylyşyna degişli bolan halkara tejribesiniň we çemeleşmeleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyndan, öňdebaryjy tejribeleriň alşygy arkaly “Stambul prosesiniň – Aziýanyň ýüregi” mazmunynda sebitleýin birleşdiriji infrastrukturanyň hereketiniň ýokarlandyrylmagyndan we sebitleýin serhetüsti hyzmatdaşlygyna ýardam bermekden ybaratdyr. 

Geçirilýän seminaryň birinji gününde taraplar Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini belläp geçdiler. Şeýle hem, TOPH gazgeçirijisiniň we elektrik geçirijileriniň gurluşygy bilen birlikde sebitleýin infrastruktura taslamalarynyň has hem tizleşdirmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

“Stambul prosesi” Aziýa ýurtlarynyň Owganystan bilen howpsuzlyk we ykdysady hyzmatdaşlyk saklamak boýunça hökümetara guramasydyr. Gurama 2011-nji ýylda esaslandyrylyp, oňa 15 ýurt agza bolup durýar. Şeýle hem “Stambul prosesine” 17 ýurt we BMG, NATO, ÝHHG ýaly guramalar goldaw berýär.

Seminaryň işi çarşenbe gününe çenli dowam eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022