“Nurly Meýdan” önümçiligini iki esse artdyrmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nurly Meýdan” önümçiligini iki esse artdyrmakçy
“Nurly Meýdan” gündelik önümçiligi ýokary bolan “ROSS-308” broýler towuklaryny satyn aldy.

Guş eti we ýumurtga bilen üpjün etmekde öňdebaryjy kärhanalaryň biri hökmünde tanalýan “Nurly Meýdan” şu ýyl önümçiligini iki esse artdyrmakçy. Şu maksat bilen telekeçiler gündelik önümçiligi ýokary bolan “ROSS-308” broýler towuklaryny satyn aldylar.

Wenger öndürijilerinden alnan 32 müň jüýjeden ybarat ilkinji tapgyr kärhananyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýerleşýän fermasyna gelip gowuşdy. Ýene-de 84 müň tohumlyk towuklar şu ýylyň birinji ýarymynda tapgyrlaýyn gelmeli.

Geçen ýyl “Nurly Meýdan” daýhan hojalygyndan ýurduň söwda nokatlaryna iberilen guş etiniň möçberi 3 müň tonna ýetdi. Bu bolsa, ýurtda öndürilen towuk etiniň üçden bir böleginden ybarat bolandygyny aňladýar.

Daýhan hojalygyň toplumy awtomatlaşdyrylan inkubator desgasyndan, ýyllyk 3 million broýler towuklaryny çykarmaga ukyply onlarça ketek, külke görnüşli iým öndürýän zawoddan ybaratdyr. Şu desgalaryň işe girizilmegi towuk etiniň we ýumurtganyň doly önümçilik tapgyrlaryny emele getirýär.

Daýhan hojalygy “Bereketli” hojalyk jemgyýetiniň we “Kämil Market” dükanlaryna, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň welaýatlardaky bölümlerine, paýtagtyň bazarlaryna önüm ibermek boýunça şertnama baglaşdy. Hususy kärhananyň güýji ýylda 8 müň tonna önüm öndürmäge ukyplydyr.

Telekeçiler hususylaşdyrylan Bereketli etrabynyň Uzynsuw obasyndaky guşçulyk fermasyny alyp, ony doly enjamlaşdyrdy. Bu ýerde ýylda 20-30 million ýumurtga öndürmäge mümkinçilik bardyr. Soňky iki aýda bu kärhanadan 3 milliona golaý ýumurtga ilata ýetirildi.

2022