Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Dadaýew anna güni Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili Zinowiý Goşowskiýni kabul etdi.
TSTB-niň başlygy myhmana Birleşmäniň düzümi we işi barada, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda türkmen telekeçileriniň durmuşa geçirýän taslamalary we geljekki maksatnamalary barada gürrüň berdi.
Şeýle hem diplomat TSTB-niň ykdysady görkezijileri, türkmen telekeçileriniň eksport kuwwaty we ýurtda syýahatçylyk pudagynyň ösüşi bilen tanyşdyryldy.
Zinowiý Goşowskiý öz gezeginde, iki ýurduň işewürleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy barada belläp geçip, bu işde ukrain tarapynyň hyzmatdaşlyga taýyndygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda iki tarapy hem gyzyklandyrýan hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary kesgitlendi. Olaryň arasynda bilelikde ýokary tehnologiýaly kärhanalary gurmak, oba hojalyk senagatyny ösdürmek we haryt alyş-çalşygyny artdyrmak ýaly ugurlar bardyr.