Türkmenistanda ýediýyllyk döwürde daşarky söwdanyň mukdary $135 milliarddan geçer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýediýyllyk döwürde daşarky söwdanyň mukdary $135 milliarddan geçer
Öňümizdäki ýediýyllyk döwürde daşarky söwdanyň umumy mukdarynyň $135,2 milliard, şol sanda onuň eksport düzüminiň $84,1 milliard, importynyň bolsa, $51,1 milliard bolmagyna garaşylýar.

Türkmenistanda orta möhletli geljekde bölek haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artmagyna garaşylýar. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, bu görkeziji 2025-nji ýylda 81 milliard manada deň bolup, 2019-njy ýyl bilen (62,7 milliard manat) deňeşdirilende, 29,1 göterim ösüş gazanylar.

Türkmenistanyň maliýe-ykdysadyýet ulgamy boýunça 2019-njy ýylyň ýazgysynda berilýän maglumata görä, döwlete degişli bolmadyk ulgamyň söwdadaky paýy 2025-nji ýylda 91 göterime ýeter.

Maglumatda berilmegine görä, 2025-nji ýylda ýurtda sarp ediş harytlarynyň önümçiligi pul görnüşinde 16,1 milliard manada ýeter hem-de 2019-njy ýylyň degişli görkezijisi (13,2 milliard manat) bilen deňeşdirilende, 22,2 göterim artar.

Öňümizdäki ýediýyllyk döwürde daşarky söwdanyň umumy mukdarynyň 135,2 milliard ABŞ-niň dollaryna, şol sanda onuň eksport düzüminiň 84,1 milliard ABŞ-niň dollaryna, importynyň bolsa, 51,1 milliard ABŞ-niň dollaryna deň bolmagyna garaşylýar.

Hünärmenler ozalky ýyllaryň statistiki maglumatlarynyň ösüş seljermelerine, çaklama görkezijilerine hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň bar bolan anyk serişdelerine daýanyp, bellenen borçnamalaryň her ýyl üpjün ediljekdigini nygtaýarlar.

Ýakyn döwürde Türkmenistan boýunça meýilleşdirilen esasy maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 229,3 milliard manada barabar bolmagy çaklanylýar. Şonça möçberdäki puluň 91,3 göterimi ýa-da 209,2 milliard manady önümçilik ulgamyna gönükdiriler. Şu maýa goýumlarynyň özleşdirilmegi häzirki zaman kärhanalary açmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýlip çaklanylýar.

Ýediýyllyk maksatnamany durmuşa geçirmek üçin hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmak, telekeçiligi, şeýle hem ýurduň ägirt uly tebigy baýlyklary hem-de örän amatly ýerleşmegi, geosyýasy ýagdaýlar bilen şertlenen ulanylmaýan ätiýaçlyklary we mümkinçilikleri işjeň çekmek maksat edinilýär.

2022