Sebitde türkmen sementiniň hyrydarlary köpelýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Sebitde türkmen sementiniň hyrydarlary köpelýär
Geçen ýyl Lebap sement zawodynda öndürilen 857 müň tonna önümiň 256 müň tonnasyna golaýy eksport edildi.

Geçen ýyl Lebap sement zawodynda öndürilen 857 müň tonna önümiň 256 müň tonnasyna golaýy eksport edildi. Bular M400 we M500 görnüşli portland sementler bolup, esasan-da Özbegistan bilen Owganystana ugradyldy.

Köýtendag etrabynda ýerleşýän Lebap sement zawody innowasion tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilip, Merkezi Aziýa sebitinde iň iri zawodlaryň biri hasaplanýar.

“Häzirki wagtda ulanylýan esasy çig mal serişdeleriniň 100 göterimi hem öz ýurdumyzda gazylyp alynýar” diýip, zawodyň direktorynyň orunbasary Jumanazar Rozyýew aýdýar. “Gurşun-magdan obasynyň golaýynda sement üçin zerur bolan çig mallaryň gazylyp alynýan sekiz gektarlyk käni sement önümçiligi üçin gerek bolan çig mallary gazyp almakda esasy daýanç bolup hyzmat edýär”.

Zawodyň ýolbaşçysy Gaýgysyzmuhammet Amangeldiýew “Çig mallary taýýarlamakda we önümleri taýýar görnüşine ýetirmekde ýokary gyzgynlykda işledilýän peçleriň orny aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Zawodda olaryň ikisi bolup, birinjisi deslapky gyzdyryjy seh hasaplanýar” diýip belledi we peçleri gyzdyrmak üçin ýangyç serişdesi hökmünde gazdan peýdalanylýandygyny aýtdy.

“Munuň üçin heniz zawodyň gurulýan döwründe “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkden gözbaşyny alýan umumy uzynlygy 274 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gazgeçirijisi çekilipdi” diýip, Amangeldiýew belledi.

Köýtendag sebitinde ýurduň eksport kuwwatyna goşandyny goşjak ýene-de bir sany kuwwatlylygy 1 million tonna portland sement öndürýän zawodyň gurluşygy alnyp barlar. Munuň üçin gurluşyk bilen baglanyşykly deslapky işlere girişildi.

2013-nji ýylyň fewralynda ulanmaga berlen Lebap sement zawodynyň önümçilik kuwwaty ýyllyk 1 million tonna bolup, hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu görkezijini 1.5 million tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik bardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022