Türkmen Lideri we “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy nebitgaz taslamalary barada maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri we “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy nebitgaz taslamalary barada maslahatlaşdylar
“ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hazaryň türkmen ýalpaklygyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Makarow ýurduň nebitgaz pudagynda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere baha berip, Türkmenistanyň energiýa serişdelerini öndürýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe bolandygyny belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýäniň işewürliginiň öňdebaryjy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin açykdygyny aýratyn nygtap, köp ýyllaryň dowamynda bilelikde işlemekde üstünlikli tejribe toplan “ARETI” kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy türkmen Liderine dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda kompaniýa ynanylan taslamalary ilerletmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, Hazaryň türkmen ýalpaklygyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada habar berildi. Bu taslama bolan gyzyklanma daşary ýurtly işewürler üçin Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de onuň ägirt uly kuwwaty bilen şertlendirilendir diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy belledi.

Türkmen Lideri ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar şähergurluşykda, nebitgaz pudagynda, himiýa senagatynda, elektroenergetika ulgamynda, oba hojalygynda ýolgörkeziji bolup durýandygyny nygtady.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda taraplar sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesini, şol sanda Diýarymyzda 2021-nji ýylda trek welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Merkezi edara binasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýän “ARETI” halkara kompaniýalar topary 1992-nji ýylda döredildi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Makarow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine geçen ýylyň awgust aýynda bellendi.

2022