Türkmen ministrligi bilen rus kompaniýasy Ähtnama gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ministrligi bilen rus kompaniýasy Ähtnama gol çekdi
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Sankt-Peterburgyň “Petrosoft” kompaniýasy hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi. (Surat: Sankt-Peterburgyň administrasiýasy)

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň 18-20-nji fewralda Russiýa iş saparynyň çäklerinde penşenbe güni Sankt-Peterburg şäherinde gubernator Aleksandr Beglow bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

“Siziň Sankt-Peterburg şäherine saparyňyz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda we mundan beýläk-de berkitmekde iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändiginiň güwänamasy bolup durýar” diýip, Aleksandr Beglow aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde Sankt-Peterburg şäheri bilen gatnaşyklaryň ösüşini we giň işewür gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen belläp, Peterburgyň ösen senagat pudagy we intellektual kuwwaty bilen hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýedigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Aleksandr Beglowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň “Petrosoft” informasion tehnologiýalary we innowasiýa kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi.

Saparyň dowamynda ministr Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti “Wozroždeniýe”, “Blok”, “Argus-Spektr” we “Smart” kompaniýalarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.

Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 13-14-nji fewral aralygynda Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, Daşary işler ministri, Aşgabat şäher häkimi we TSTB-niň başlygy bilen duşuşyklar geçirildi.