Uzynada nebitgaz ýatagyndan tebigy çig malyň täze gorlary tapyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Uzynada nebitgaz ýatagyndan tebigy çig malyň täze gorlary tapyldy
Uzynada ýatagynda burawlanan çuňlugy 6800 metrden 7150 metre çenli bolan dört sany gözleg guýulary uglewodorodlaryň senagat akymyny üpjün etdi.

Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Uzynada ýatagynda geçirilen geologiýa gözleg işleriniň netijesinde bu ýerde tebigy çig malyň ep-esli gorlarynyň bardygy anyklandy.

Täze ýatakda burawlanan çuňlugy 6,800 metrden 7,150 metre çenli bolan dört sany gözleg guýulary uglewodorodlaryň senagat akymyny üpjün etdi.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmennebit” döwlet konserniniň bölümçeleri bilelikde mart-aprel aýlarynda iki sany aşa çuň ýataklaryň buraw işlerini tamamlamagy hem meýilleşdirýärler.

Geologiýa gözleg işleriniň geçirilmegi Uzynada ýatagynyň serişde binýadynyň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hünärmenleriň pikirine görä, ýene birnäçe guýularyň burawlanmagy uglewodorod çig malynyň ýerasty ammarynyň düzümini we ölçeglerini has takyk kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Uzynada ýatagyny barlamak we burawlamak işleri nebitiň we gaz kondensatynyň gazylyp alnyşynyň artmagyny üpjün eder. 2019-njy ýylyň mart aýynda “Türkmennebit” bilen ARETI kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Ähtnama şu ýatagy özleşdirmek ugrunda hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyny göz öňünde tutýar. 

2022